8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Türkmenistanyň baýdagy–Hytaýda ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynda.

16-njy awgustda Hytaýyň Nankin şäherinde ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynyň taryhynda ikinji gezek alawy ýakyldy. Onuň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda dört ýylda bir gezek geçirilýän bu toplumlaýyn ýaryşlar ähli yklymdan 17 ýaşdan uly bomadyk iň oňat ýaş türgenleri ýygnaýar. 

Ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynyň ilkinjisi dört ýyl mundan ozal Singapurda geçirildi. Onda sportuň dokuz görnüşinde baýraklaryň 90 toplumy oýnaldy. “Aziýanyň ýaşlygynyň we gujurlylygynyň baýramy” şygary astynda geçirilýän Hytaýdaky häzirki oýunlarda sportuň suwda ýüzmek we suwa bökmek, ýeňil atletika, badminton, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, gylyçlaşmak, futbol, golf, gandbol, dzýudo, regbi, ok atmak, tennis, taekwondo we agyr atletika görnüşleri boýunça medallaryň 122 toplumy ugrunda bäsleşiler. 

Döwlet tarapyndan sportuň ösdürilmegine uly üns berilýän Türkmenistan ýetginjekleriň Aziýa oýunlaryna öz türgenlerini ikinji gezek ugradýar. Dört ýyl mundan ozal biziň ýurdumyz bu iri sport forumynda sportuň diňe bir görnüşi boýunça – stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça çykyş etdi. Häzir bolsa dört görnüşde – dzýudo, basketbol, agyr atletika we suwda ýüzmek görnüşlerinde bäsleşerler. 

Türkmen türgenleriniň sportuň yklym ýaryşyna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hereketini we sportda ýokary gazananlary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden ýurdumyzyň Prezidenti, Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladalary netijesinde mümkin boldy. 

Hytaýyň Szýansu welaýatynda geçirilýän ýetginjekleriň häzirki Aziýa oýunlary 2014-nji ýylda Nankinde badalga aljak ýetginjekleriň Olimpiýa oýunlarynyň öň ýanyndaky taýýarlyk ýaryşlara öwrüler. Bu ägirt uly sport baýramçylygynyň başlanmagynyň bir ýyl öň ýanynda Türkmenistanyň toparynda ýetginjekleriň Olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazanan türgenimiziň bolmagy örän guwançlydyr. Bu ýokary hormata Türkmenistanyň suwda ýuzmek boýunça çempiony, Aşgabadyň 15-nji mekdebiniň ýokary synp okuwçysy, Sport baradaky döwlet sport komitetiniň sport mekdebiniň türgeni Merjen Saryýewa eýe boldy. 

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň 15 ýaşly şägirdi soňky dokuz aýyň dowamynda erkin görnüşde we batterflýaý görnüşde ýüzmekde öz şahsy görkezijilerini durnukly gowulandyrýar. Muňa onuň birnäçe uly ýaryşlarda, şol sanda 2012-njy ýylda Dubaýda geçirilen Aziýa çempionatyndaky, BAE-de we Azerbaýjanda geçirilen beýleki halkara ýaryşlaryndaky we Barselonadaky dünýä çempionatynda eden çykyşlary şaýatlyk edýär. Ispaniýada geçirilen soňky ýaryşlarda Merjen özüniň sport ýolunda ilkinji gezek erkin ýüzüşde 50 metr aralygy ozal 30 sekundda geçen bolsa, şol gezekde 29,63 sekundda geçmegi başardy we öz görkezijisini 2012-njy ýyldaky Aziýa çempionatyndaky bilen deňeşdireniňde 0,87 sekund gowulandyrdy. Krol görnüşde ýüzmekde bolsa iki esse uzak aralykda ol öz görkezijisini 2,42 sekund gowulandyrdy. 

Nankindäki ýetginjekleriň Aziýa oýunlarynyň M.Saryýewa üçin bolşy ýaly, biziň hemme türgenlerimiz üçin hem üstünlikli boljakdygyna umyt edýäris. Olara Hytaýdaky sport ýaryşlarynda üstünlik arzuw edýäris.

Degişli makalalar

«Kopetdag» Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orna Geçdi

Tapgyryň Soňky Duşuşygynda “Ahal” “Energetikden” Üstün Çykdy

Ýazky möwsümiň nobatdaky at çapyşyklary

syrach